Nadanlyk kulty
Isaak Azimowy okap görlen düýş.
Nadanlygyň kulty gelip,
çalyp tutup ýakamdan,
yz-yzyna şarpyk çaldy,
ilki soldan, soňra sagdan,
a soň güldi ha-ha-haýlap,
hemem diýdi seniň okan,
ýa okajak bolup ýygnan
kitaplaňdan tekje doly,
hemem gaçyp giden taşlap,
meniň asla okamadyk, görmedik
kitaplarym gowy, Ýowşan,
sebäbi arkaýyn ýaşaýan senden,
ýok penjiräm döwjek daşlap,
wyždanymam azar berip duranok
alla, hudaý, taňry ýa şuňa meňzeş,
kiçi dilden bärde diňe,
ýa-da millet gum ýalasyn, aç ölsün,
ýa türmeden geçsin sümüp,
azaryma däl meniň.
Men ýakamy aljak bolup dyzadym,
emma onuň eli demirdi göýä,
soň düşündim, bir adamyň eli däl,
köplük meni urýan diwara söýäp,
hem gülýärler ha-ha-haýlap,
men oýanyp, duýdum özüm köşejik,
a nadanlyk kultun mesirgän düýe...