Biznesmen mollalar
Adam aýtdy:
“Ykdysady krizis çuňlaşdygyça, biznesmen molla köpelýär. Bazarlarda harytlaryň bahasy gymmatladygyça-da, mollalaryň hyzmatlarynyň bahasy ýokarlanýar. Elbetde, agyr ykdysady çökgünligiň yzyna düşüp gelen anomal yssy garry-gurtulary, derman-därä puly ýetmeýän näsaglary, ýarym aç, ysgynsyz bendeleri şol çöpläp gidip otyr. Emma biznesmen mollalar ölýäni az görýärler. Belki, adamlaryň eli ýuka bolansoň, olara öňki düşýän pul düşýän däldir. Üstesine, adamyň agzy arassa bolmasa, oňa pul çydamaýar. Agzy arassa mola bolsa, häzirki ýagdaýyndan çen tutsaň, hemişe az bolýan ýaly. Megerem şundan, olar çagyrylan ýaslaryna dost ýa tanyş mollalaryny hem alyp gelmäge başladylar. Sebäbi olar şeýtseler, beýleki mollalar hem öz gezeginde şeýle edýärler. Bu-da owarram diýseň, olar merhumyň hossarlaryndan her molla belli bir möçberde pul tölemegi talap edýärler. Mollalaryň käbirine, eger ýaşuly ýa bilimi ýokarrak bolsa, beýlekilerine garanda köpräk pul bermeli. Eger merhumyň hossary özünde beýle puluň ýokdugyny aýtsa, mollalar oňa basyş edýärler. Käte merhumyň hossary bilen çagyrylan mollanyň arasynda gykylyk hem turýar. Bir gezek şeýle ýagdaýa şaýat bolup, oglanlykda bile oýnap-ösemsoň, merhumyň yzynda galan çagalaryny talamak üçin dawa edýän mollany haýalçyratjak boldum, ’utanaňokmy, hemme kişiden pul aljak bolup durman, arasynda hudaý üçinem gymyldaýsaň bolmyýamy?’ diýdim. Ol ajy ýylgyrdy-da: ’Hudaý üçin o çöp bu çöpüň üstüne atylmaz, klasdaş, o döwürden oba göçdi’ diýdi. Ondan beýle gönümellige garaşmandym. Bu gürrüňi başga bir klasdaşyma aýtsam, ’ol nämäni geň görýäň, olar molla däl, biznesmen ahyry?’ diýdi. Soň görüp otursam, obadaşlarym indi ‘molla’ sözüne derek ‘biznesmen’ sözüni ulanýan ekenler. Ýagny olar biri ölse, ’molla çagyrdyňyzmy?’ diýmän, ’biznesmen çagyrdyňyzmy? diýýärler."