Pursatparazyň çägi

Adam aýtdy:

"Bilýän, düşünýän adam bir zatlary bilse-de, aýtmaga ejap eder, ’ýedi ölçäp, bir kes’ diýlenine eýerjek bolar we öz ýagdaýyny has kynlaşdyrar. Emma pursatparaz bilmeýän, düşünmeýän zadyny aýdyp, gykylyk eder. Bu gylyk diňe biir-iki adamyň däl, ähli kişiniň, tutuş il-ulusyň ýagdaýyny kynlaşdyrar. Soňuny pikir edýän adam munuň beýle däldigni aýtjak bolar, emma pursatparaz, kynlyk bilen gazanana şöhrady elinden alnyp barýan ýaly, öňküsindenem beter gykylyk turzar, ne töhmetden gaýdar, ne-de küpürden saklanar. Elbetde, il başyna bela gelse, ýeke gelmez: pursatparaza özi ýalylar bilen bile bulanyk suwdan balyk tutmak isleýänler hem goşular. Bilýän, oýlanýan adam olar bilen dawalaşmaga ejap eder we ýene yza çekiler. Pursatparazlar heşelle kakar, sebäbi olara o ýa-da beýleki meseläniň çözüleni däl, az salymam bolsa ýeňmek, ýeňiji bolup görünmek gerekdir. Pursatparazlaryň şondan aňryk - ulus iliň abatlygyna, içinde öz çagalarynyň hem abatlygyna ne akyly, ne edermenligi ýeter."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024