Yzgytsyzyň sylagy

Adam aýtdy:

"Indi ikinji lideri synlaýaryn: adam näçe yzgytsyz, açgöz we şöhratparaz bolsa, il-gün ondan şonça-da beter gorkýar. Goý, ol dilinde her näçe ’eziz adamlar, mähriban halkym’ diýibersin, adamlar oňa ynanmaýarlar. Ýöne bu olara öz yzgytsyz liderlerini sylamaga, söýmäge, götergilemäge pesgel bermeýär. Emma adamyň ýüregi gowy bolsa, köplük ony ’eziz adamlar, mähriban halkym’ diýmese-de, derrew tanaýar we başarsa kiçeltmäge, depelemäge çalyşýar. Elbetde, ýüregi gowy adamlar köplügiň gorkmasa sylamajagyny gowy bilýärler. Ýöne olara beýle sylag gerek däl. Megerem olar hut şonuň üçin gowy. Emma sylagyň gorkudan gelmegi yzgytsyz, açgöz, şöhratparaz adamlary has-da sandan çykarýar, sebäbi beýle gazanylan sylag zäherli bolýar, ol adamyň gözüni gapýar, göwnüni kör edýär. Öňki prezident ölende men onuň kürsä çykanyndan soň bir günem adam ýaly ýaşap bilmänine däl, ahyrynda gözi, göwni kör gidenine gynandym."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024