Doganlyk tejribesi

Adam aýtdy:

"Derdime derman gözläp, Hindistana gitdim. Has anygy, Hindistana gitmegi derdime diagnoz goýan türkmen lukmany maslahat berdi. Emma Hindistanda operasiýa etjek çepiksije doktory görüp, pikirimi üýtgetdim. Ol keltejik, garaýagyzja, aýagy köne şyppykly, gözleri gyzaryp duran adamdy. Göwnüme bolmasa, ol kirlirägem göründi. ’Aý, muňa janymy ynanmaýyn, doktor bolup, ýuwunmanam bilmeýän ýaly, ýa kän içýän bolmaly’ diýip pikir etdim. ’Gowusy, türk doganlarymyza gideýin, dilleriniň birligi nämä degmeýär’ diýip, şol günüň ertesi Stambula aşdym. Stambulda derrew düşünişdik. Ýöne meniň operasiýa üçin tölemeli pulum Hindistandaka garanda tas iki esse köpdi. Onda-da razy boldum, sebäbi jan gerekdi, ölesim gelenokdy. Ýöne Hindistandaky hirurg ýadyma düşüp, ’öňünden operasiýa etjek doktory bir görkeziň, özüm ilki gözüm bilen göreýin’ diýdim. ’Iki günden gel, şonda onuň operasiýasy bar, hökman görersiň’ diýdiler. Diýişleri ýaly, gördüm: ol meniň Hindisatnda görüp, göwnüm ýetmän gaýdan doktorymdy, aýda birki gün Türkiýä gelip, operasiýa edip gidýän eken. Men ýene pikirimi üýtgetdim: ’Operasiýa üçin gaty kän pul soraýaňyz , mende beýle pul ýok’ diýdim. Sebäbi, türk doganlaryma iki esse pul berip, şol bir hindä operasiýa etdirenimden, Hindistana gidenimi we araçysyz operasiýa etdirip, azrak harajat çykaranymy kem görmedim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024