Surat

Enemiň suraty

Ejem aýdardy, ýoluň beýle gyrasyndaky goňşymyz Ata Çolugyň aýaly Ogulnäzik ejäniň adyny tutup: "Ogsoltan ölmedi, Ogsoltan ölmedi, yzy gül ýaly, gelni agtyklaryna bir gün ýuwulmadyk eşik geýdirenok" diýip hüňürdeýär diýerdi. Ol aýalyň köçede iki art aýagynyň üstüne galyp, dikleşip uruşýan daýaw itleriň üstüne bir bedre suw sepip, aralap goýberişi şindem göz öňümde.

Soň Çary kakam enemiň atam Orsýetden türmeden boşap gelende, ony guş iýmlän ýaly naharlap, adam edişini gürrüň berdi. Ondan öň, her aýda diýen ýaly atamyň yzyndan duzlanyp garna salnan et ugradypdyrlar. "Altmyş töweregi goýnumyz bardy, dokuz sygrymyz bardy, ataň gelýänçä ol mallar gutarara geldi" diýip, Çary kakam gürrüň beripdi.

Atamy 1937-38-de, "kolhoz gurluşygyna garşy boldy, galtamana at satdy" diýip, üçlügiň karary bilen on ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Ýogsa onuň Tejende aýlawlary baglan aty şo wagt elinden alnyp, kolhoz başlygynyň paýtunyna goşulan eken. Atamyň aýagyndan arza ýazanlaryň biri hem goňşymyz Ata Çoluk bolupdyr.

Onuň "halk duşmany" däldigi bäş ýyl Rybynskde tokaý çapanyndan soň belli bolupdyr. Atam ýene bir obadaşy bilen bile yzyna, obasyna gaýdyp gelipdir.

"Oba ýetmänkä bir oglunyň uruşda ýitenini, bir oglunyň goşundan inçekesel bilen keselläp gelip, obada ölenini, ýene bir oglunyň ýagyşda buýup ölenini eşidip, bir obadaşyň ýabysynyň yzynda iki gözünden buýur-buýur ýaş goýberip gelýär, ne öňki daýaw göwresi bar, ne-de sakgaly" diýip, "kakaň gelýär" diýen habary eşidip, atly öňünden çykan Çary kakam gürrüň bererdi.

Atam bilen bile türmeden boşap gelen obadaşymyzyň aýaly bäş ýyl aç bolan adamsyny gele-gelmäşe gurply nahardan doýrupdyr, o bende şol gün agşam iýen naharyny siňdirip bilmän ölüpdir.

Enemden agtyklary bilen düşen we soň ulaldylyp, hemişe diwarda asylyp goýlan suraty, beýleki diwarda bolsa, ulugyz wagty dokan elhalysy ýadygärlik galdy.

Men on ýedi ýaşym dolup, Aşgabada okuwa gidýänçäm her gün şol suraty, enemi we özümi, aýal doganym Amantäji (Aşgabat-Tejen ýolundaky ýol hadysasynda wepat boldy) we uýam Maraly görüp ýaşadym. Emma soň, hem Tejene, hem Aşgabada zar boldum. Käwagt ejizlämde enem pahyr bilen çagalykda düşen suratym ýadyma düşerdi, ony ýene bir gezejik göresim gelerdi. Ahyry, ýigrimi ýyl soň, ol surat - enemiň suraty yzymdan geldi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024