Ikinji töhmet
Adam aýtdy:
"Hak ýolunda, halallyk ýolunda, haramlyk ýolunda däl, adamyň başyna ilki bir töhmet düşýär, soň ikinjisi... Adam käte ýamandan boýuny satyn alyp, baş alyp gaçmaly bolýar. Emma gedaýçylyga-da gurp gerek. Ol ýola harç gözleýär. Dost-ýardan karz, kömek hantama. Başarsa, bolanja zadyny deger-degmezine satjak. Şolaralykda, ýagdaýdan habarly doganlarynyň biri has gysmyljyraýar, ol onuň öý goşlaryna, maşynyna göz dikýär. Emma ol o zatlary depme halal, hatda ýarty bahasyny berip hem däl, mugt aljak; soraman, haýyş etdirip, ’başga goýara ýer hem ýok, gelýänçäm saklaýsaň’ diýdirip aljak. Adam haçan yzyna geljegini bilenok, üstesine eli ýuka, diş-dyrnak bolup edinen zatlaryna dözmän, gyssagarada olary gaýynlaryna taşlap gaçýar. Tamasy çykmadyk dogan yzyndan gargaýar: ’Mundanam beter güne düş, beterini gör!’ Bu adamyň başyna düşýän ikinji töhmet!"