Partiýa döretmezlik tejribesi
Adam aýtdy:
"Adam gowy okady, dürli wezipelerde özüçe, mümkin boldugyndan dürs işledi, köp akyl-tejribe toplady we ahyry bir gün, täze kabul edilen kanundan ruhlanyp, täze syýasy partiýa döretmek kararyna geldi. Emma oňa ’bolanok, sen partiýa döredip bileňok’ diýdiler. Ol sebäbini sorady, emma anyk bir jogap alyp bilmedi. Sebäbi munuň kanuny jogaby ýokdy, ol muňa düşünýärdi. Adam okapdy, işläpdi, köp akyl-tejribe toplapdy we Adalat ministrligindäki adalatsyzlyga gahar etdi. Şu gahar hem onuň içindäkini daşyna çykardy. Ol gönüläp: ’Men ogry, kezzap’ diýip, öz ogurlygyny boýun alyp, ötünç sorap, metbugatda çykyş eden adam partiýa döredip bilýär-de, men näme üçin döredip bilemok?’ diýdi. Bu gürrüň bir sagada galman ’gürrüňi edilene’ baryp ýetdi. Ol beýle gowy okamandy, beýle bir dürsem işlemändi, ýöne başga ugurdan köp akyl-tejribe toplapdy. Onsoň, partiýa döretjek bolýanyň telekeçi doganlarynyň işi ýöremän ugrady. Olar munuň sebäbini haýal etmän anykladylar we gapdaldan berlen ’akyly’ alyp, okuwly, düşünjeli, emma ’ters ýola düşen’ agalarynyň üstünden häkimiýetlere arza ýazdylar. ’Ine, işlemäge, baýamaga ähli şert döredildi, emma neşekeşlige aňyny aldyryp, ne bizi baýamaga goýýar, ne-de özüni oňarýar" diýdiler. Okuwly agany uzaga çekmän mejbury neşe goýdurylýan hassahana ýerleşdirdiler. Ol hassahanadan akyllanyp çykdy. Indi partiýa döretjek diýmeýär. Sebäbi düşünýär: partiýadan doganalaryňa ’baýamaga zyýan bermezlik’ has möhüm, bu hili ýalňyşlygy partiýa döredenler bagyşlamaýar."