Ýaşamak – hüňürdemekmi?

Adam aýtdy:

“Gürletseň, her kim prezidentden nägile, hüňür-hüňür edýärler asyl: ‘Depämize çykdy, bu golaýda düşjege-de meňzänok, özi ölse ogly, agtygy bizi eşek edip münjek bolup garaşyp dur’ diýýärler. Emma çala egilseň, her kim prezident, derrew depäňe çykjak we bäri-bärde, özünden bilip üstüňden düşjek däl. Tersine, ‘kelläň çüri ýa gaty, otyrýerimi agyrdýar’ diýip igenjekler. ‘Düş’ diýseň bolsa, gara çynlary bilen öýkeleýärler. Ýüzlerini kürşerdip, hüňür-hüňür etjekler. Ýa ýaşamak hökman birleriniň depesine çykmak ýa birlerinden nägile bolup hüňürdemekmikä?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024