Öwünmek üçin ýarymçyk öwrenilýän taryh
Adam aýtdy:
"Kimiň aýdany ýadymda däl, goýberilen ýalňyşlyklardan sapak almak, netije çykarmak üçin öwrenilmese, taryhyň hiç zada peýdasy ýok diýipdir biri. Mümkin bolsa, munuň üstüne ýene bir sözlem goşardym: sapak almak üçin däl, öwünmek, yzdan gelýän nesli aldamak üçin ýarymçyk öwrenilýän, üstesine ters netije çykarylýan, talaňçylygy gahrymançylyk edip görkezmek üçin ulanylýan taryhdan peýda däl, uly zyýan bar."