Ozal bilinmedik zatlar

Adam aýtdy:

"Bir-biri üçin beterinden-beter agyr ýagdaý döredýän, ýa-da şeýle ýagdaý dörände, ýa-da birleri agyr ýagdaýa düşende, ony şol ýagdaýyndan peýdalanyp hasam beter ezmäge, kemsitmäge, kiçeltmäge çalyşýan, bolmanda kesesinden gülýän adamlar toparyna bilimli, sowatly, medenileşen adamlar diýip bolarmy? Bir-birine aldygyna ýalan sözleýän, bir-birini işsiz, gazançsyz goýmaga çalyşýan, başarsa talajak bolýan adamlar toparyna millet ýa halk, hatda tire diýip bolarmy? Bilmedim. Men muňa düşünip bilemok. Soňky döwür töweregimde bolup geçýän zatlary görüp, synlap, adamlaryň edýän we etmeýän gürrüňlerine gulak gabardyp, düşünmeýän, bilmeýän, ozal kän pikirini etmedik zatlarymyň barha köpelýänini welin bilýärin."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024