Aňsatlaşan iş
Adam aýtdy:
"Indi ýaşlara okamagyň, okamaly zady bilmegiň näme üçin gerekdigini düşündirmek aňsatlaşdy. ’Wagtynda okamaly zatlary okamasaňyz, bilmeli zatlary bilmeseňiz, düşünmeli zatlara düşünmeseňiz, öz-özüňizden hoşal bolup, dünýäden bihabar galsaňyz, biz ýaly ýaranjaň, her neneňsi kemsidilmä kaýyl, nalajedeýin we iň bir hantama adam bolarsyňyz’ diýäýmeli."