• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Adalat we adamlar

Adalaty aýak astyna taşlap,
basdylar üstünden üýşüp, birleşip,
agzybir hem jebis, galmaz ýaly hiç,
partiýa çagyrsa, galyp bolmaz giç,
ak sakgally ýaşulular,
ak gyňaçly eneler hem
agtyklary olaryň,
mugallymlar, ak halatly lukmanlar,
aýlykdan kesilse, güni geçmejek
köp adam geldi galman,
her kim depdi böwrüne oň,
soň ýere gömdüler bilinden üýşüp,
daşladylar nobatyna,
tutulan dek zynada;
adalaty aýak astyna taşlap,
depeläp, basalap gaýtdylar olar,
ýok edip bilmän ýadap.

  • 10.07.2018
  • Gündelikden sahypalar
Bölüme soňky girizilenler
Päliň azmasa... 16.02.2019
Türme tejribesi 16.02.2019
Ikitaraplaýyn betbagtçylyk 16.02.2019
Jübi derdi 12.02.2019
Mugt bilim 12.02.2019
Kabul bolan dileg 11.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019