Aňsady
The person who says it cannot be done should not interrupt the person who is doing it. Chinese proverb
Ýanyň ýere bermek aňsat,
aňsat akyl satmak "bolmaz",
ýa "öňem bolmady" diýip,
çekilmek aňsat söweşden,
ýa girmezlik asla oňa,
garymda galmak bakyýa,
ýa aşhanaň golaýynda,
tylda ýa-da has beteri,
ezijiniň tarapynda,
iň ýamany bu dal, meger,
belki özüň aklamaklyk,
sebäbi hiç bolmajakmyş,
hiç kim ýerden galmajakmyş,
dyzyndamyş bütin millet,
çydajakmyş herne minnet,
sütem bolsa depesinde,
saçakbaşy akylly kän,
edenli kän arakbaşy,
aýalynyň arkasynda,
çünki aňsat ýatyp galmak,
atyp galan samsyk diýip,
emma galan synanşanyň
saklanar aşyny iýip...