Suw sorana çal berseň...

Adam aýtdy:

“Bu gürrüňi Nargylyç Hojageldiden eşitdim, olam aýalyndan eşidipdir. ‘Gelnejeňiz aýtdy, gyz wagtynda başga birinden eşidipdir’ diýerdi. Tomsuň yssysynda biri gaty suwsap, ilki gabat gelen öýe sowlup, gapysyny kakypdyr. Gapyny bir owadan gelin açypdyr. Ötegçi salam-helikden soň suw sorapdyr. Gelin: ‘Weý, suw içip nätjek? Ynha, goruny alyp duran buz ýaly çal bar küýzede’ diýip, ötegçä bir şakäse çal guýup beripdir. Ötegçi çal içip, taňryýalkasyn aýdyp, ýoluna gidipdir. Ýöne ol agşam garaňky gatlyşanda yzyna dolanyp gelip, ýene şol gapyny kakypdyr. Biwagt kakylan gapa allaniçigsi bolan gelin içerden ‘Kimsiň?’ diýip sorapdyr. Çal içende içerini synlap, gelni ýeke çaklan ötegçi, hantamaçylyk bilen, ‘Günortan çal berenjäňdirin’ diýipdir.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024