Ogluňyz bolsa...
Adam aýtdy:
"Ogluňyz bolsa, garybam bolsaňyz, bir alajyny tapyp, tigir alyp bereweriň. Sport eşiklerini, sport aýakgabyny hem alyp beriň. Puluňyz bolmasa, bergi ediň. Emma çagany kemsindirmäň, ulalyp-oňalman, ruhy göýdük bolup galmasyn. Soň, wagtyňyz bolmasa-da, oňa ýatmazyndan öň birki kitap, bäş-on erteki okap beriň. Ýöne soňundan kitap diýilýän zady adamlaryň bir günde ýa bir hepdede däl, aýlap, ýyllap ýazýandygyny, sebäbi ýazmaga başlamazdan öň ýazjak zadyny öwrenýändigini düşündiriň. Ýogsa bir gün, bagty çüwüp prezident bolsa, ogluňyz her aý täze tigir münüp, her aý täze alnan sport eşiklerini güjeňläp, kitap ýazýandan bolup, özüni tanaman, durmuşy bilmän, özüni hem milletini bütin dünýä gülki eder."