Agyr sorag
Adam aýtdy:
"Bilmedim, mekdepde "Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik" ýaly goşgularyň öwredilen, ýat tutdurylan günlerinde bu barada, näme üçindir, hiç çynlakaý ýa tankydy pikir etmändirin. Belki, ulularyň aýdan, ynanýan ýa-da ynanan bolýan zatlary çagalary başga alternatiwa bermezden, ýeke-täk bir faktyň öňünde ýesir edip goýýandyr? Soň ýazyjylaryň käbiriniň bu hili goşgulary ýaňsylaýanyny eşitdim. Şol bir wagtda, ol goşgulary ýa şeýle goşgulary ýazan çalasowat, emma pursatparaz adamlary hakykatdanam sylapmy ýa pursatparazlyk edip, otuzynjy ýyllaryň goşgularyny döş gerip goraýan-da bardy. Emma hiç kim turup, ’bu nähili edebiýat, bu nähili realizm, atly-ýaragly bolşewik gelip, malyny-mülküni gorajak bolan ýaragsyz ildeşleriňi çaga-çugasy bilen gyrýar, gaçan ýurt aşýar, tutulan ýat illere sürgün edilýär, senem eli ganly terrorça alkyş aýdyp oda ýazýarsyň?’ diýip sorap bilmeýärdi. Birdenem başga döwür geldi. Ýaňky ’gutly bolsun, bolşewik’ odasyny ýaňsylaýan ýazyjylaryň biri milli däp-dessurlary dil çolagy edinip, prezidenti patyşa öwürmegi teklip etmäge başlady. Dogry, onuň niýetini we baran ýerinde prezidentiň adyndan gürläp, bolşewik-kommunist talaňçylygyny edip ýörşüni prezident-de, beýlekiler-de gowy bilýärdi. Emma ýene hiç kim ýerinden turup, ’bu nähili milli däp-dessur, haçan beýle zat bolupdyr?’ diýip sorap bilmeýärdi. Onsoň, ’taryhy ýeňijiler, ýagny iň kän gan dökenler we ýene döküp biljekler ýazýar’ diýleni çyn-ow diýýärsiň. Ýöne ýüregiňde bir kiçijik köz, uçgun hem bar: ’Bizde Magtymguly bolupdyr-a, beýlekiler bolupdyr-a!’ diýýärsiň. Ýa biz indiden eýläk diňe kimiň eli kän ganly bolsa, kim ýene kän gan döküp biljek bolsa, şoňa oda ýazyp ýaryşarysmy?"