Gelejegiň ogurlanýan pasly
Adam aýtdy:
"45 ýyl bäri Aşgabatda ýaşaýaryn. Her ýyl tomus onlarça adamyň ogluny ýa gyzyny ýokary okuwa saljak bolup edýän aladasyna ýakyndan-daşdan şaýat bolýaryn. Bizde bilip, bilimiň bilen okuwa girip boljagyna ynanýan tasdan ýok diýerlik. Belki-de olar mamladyr, belki-de 100% mamla däldir. Gep munda däl, hemmeleriň okuwa okaman, uly möçberde para berip ýa uly bir tanşa arka diräp girmek mümkinçiligini, eger şeýle mümkinçilikleri bolsa, ikirjiňlenmän ulanmagynda. Diýmek, milletiň geljegi uly il bolup, bilelikde ýykylýar. Bu işi iň ýokarlaryk çykyp, bütin dünýäniň gözüniň alnynda edýän hem metbugat ýalanyna bukulyp, özüni hem ili aldan bolýan adamlar bolsa, şol öz geljegini ýykýan milletiň aýnasy."