Diktator-çörek
Adam aýtdy:
"Ýaşdym. Il başyndan düşen betbagtlyga, soňy görünmeýän ýalançylyga ýüregim ýarylyp barýardy. Gijeler ýatman ýazýardym. Niýetim diktatoryň ýalançylygyny paş etmek, il-günüň gözüni açmakdy. Bir gün bir kärdeşim gönüläp sorag berdi: ’Näme, senem prezident boljak bolýarmyň?’ ’Ýok-laý’ diýdim. ’Onda näme beýle jan edip ýazýaň? Ýa adam hukugy diňe saňa gerekmi ? Bu gidişiňe, birden diktatory agdaryp, bizi çöregimizden goýarmyň, nädermiň?!.’ Men ilki ol oýun edýändir öýtdüm. Emma onuň ýüzünde-gözünde hiç bir oýun alamaty ýokdy. ’Nätdiň-aý, bir ýa iki, üç adamyň ýazany bilen diktator ýykylarmy? Gaýta sizem ýazyň!’ Ol ajy ýylgyrdy. ’Bizem ýazýas, ýöne seňki ýaly däl, iki-üç günden bir makala, emma näçe dişsiz ýazsak, şonça-da begenýäs. Sebäbi ýerli-ýerden dişli makala ýazylsa, diktator bu gün bolmasa ertir hökman ýykylar, biz bujagaz çöregimizden hem galarys. Diňe biz däl, köp adam çöreginden galar. Görýäň-ä, diktatoryň ýanyna daşary ýurtlardan näçe adam gatnaýar? Näme, olar onuň owadan ýüzüni görmäge gelýärlermi?’ Men gözümi tegeledim: ’Beh, men diktatora bu tarapdan seretmändirin-ow!..’ ’Öň seretmedik bolsaň, indi seret, diktatoryň arkasyndan gaty köp adam çörek iýýär, olaram adam. Adam hukuklarynyň aladasyny edýän bolsaň, diktator ýykylsa, ol adamlara näme boljagyny pikir et?!’ Ol şeý diýdi-de, öz ýoluna gitdi. Ilki yzyndan gülümsiredim. Emma indi gülümsiremeýärin. Sebäbi diktatoryň diňe ony öwýänlere däl, eýsem ýarymçyk döwýänlere, tankyt edýänlere-de gerekdigini bilýärin."