Surat

Ýatda galan iki agy

Adam aýtdy:

“Ýas ýerinde iki adamyň aglaýşy gözümde galdy, birinjisi Hydyr Derýanyň Gurbannazar Eziz ölende Garadamak öwlüýäsinde gözýaş edişi; pahyryň gözünden dynman gaýdýan ýaşy görüp, edil eräp gutarar öýtdüm. Kiçijik adam, sesini çykaranok, ýöne elleri-aýaklary titräp, gapydan ugralandan öwlüýäden gaýdylýança aglady, bende. Belki, soňam aglandyr (Beki Seýtek bilen Hydyr Derýa Gurbannazary gaty gowy görerdi). Ondan öň adam ölümine beýle aglan erkegi görmändim. Ikinjisi Myrat Nyýazow, öňki prezidentiň ogly. Kakasy ölende, köşkde guralan hoşlaşyk mahalynda şeýle bir aglady, ýöne gözýaş döküp otyr... Edil Hydyr aganyň bolşy göz öňüme geläýdi. Myrat kakasynyň ýaşlykdaky suratyna meňzäp duran görmegeý oglan eken. Bilmedim, kakasynyň düşen gününe düşünip agladymy ýa biziň bilmeýän bir zadymyzy bilýärmi?..”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019