Milli tejribe
Adam aýtdy:
"Ykbal dartyp, elli ýaşdan soň Amerika bardym, iňlis dili sapagyna ýazyldym. Her ýurtdan gelen bar. Bir gün mugallym her kimiň öz ene-atasyndan öwrenen we indi öz çagasyna öwredýän bir zadyny gürrüň bermegini sorady. Meksikaly student ene-atasynyň irden bir diş sarymsak atdyryşyny gürrüň berdi: ’Kiçijikligimden ýadymda, ertirlik wagtynda ejem her çagasynyň öňünde bir daşy arassalanan sarymsak goýardy. Ony suw bilen, derman atan ýaly, atardyk. Belki-de şondandyr, çagalykda kesellänim ýadyma düşenok. Aýalym amerikan, indi çagalarym bilen oňa-da irden bir diş sarymsak atdyrýaryn. ’ Ýaponiýaly student hem öz tejribesini gürrüň berdi: ’Ejem çagalykdan her gün agşam, düşege girmezden öň, wannada birsellem ýyly suwda ýatyp çykmagy öwretdi. ’Şeýtseň, kän kesellemersiň’ diýerdi. Indi menem öz çagalaryma şony öwredýärin.’ Mugallym meniň ýüzüme seretdi. Birbada näme gürrüň berjegimi bilmedim. ’Ejem nahardan öň elimi ýuwmagy öwretdi, menem indi çagalaryma şony öwredýärin’ diýjek boldum, emma gülerler öýdüp saklandym. Gyssgarada dilme gelen başga zat boldy: ’Ejem maňa ulularyň sözüni bölmezligi öwretdi. Emma men onuň pendini tutmadym, aldygyna ýalan sözleýän döwlet baştutanynyň sözüni böldüm. Şondan soň görenim görgi boldy. Çagalarym bilen ýurtdan gaçdym. Indi olara hiç wagt ýalan sözleýän döwlet baştutanynyň sözüni bölmezligi öwredýärin.’ Gorkan zadym boldy, meniň tejribäme bütin klas güldi."