Surat

'Men diýmedimmi' keseli

Adam aýtdy:

"Başyňy etegiňe salyp, seni dymdyrmak üçin hiç zatdan gaýtmajak adamlaryň ýüzüne gelýärsiň. Elbetde, keýpine däl, öz aladaňy, il-günüň aladasyny edeniň üçin. Häkimiýetdäkileriňki düşnükli, olar köplenç öz ýerindäki adamlar däl, wezipede tötänden ýa düzüw, hakyky iş başarjak adamlary getirmezlik üçin oturdylan adamlar, diýmek, olaryň akyllary hem ýerinde däl. Onsoň olardan köplenç düzüw, mantykly-manyly reaksiýa garaşmak manysyz. Emma başga zada gynanýarsyň: ýakynlaryň, kärdeş ýa pikirdeş saýýan adamlaryň hem, seniň başyňy etegiňe salyp aýdan sözleriň, ol sözleriň aňyrsynda ýatan alada, ýagny il-güne, özlerine, öz çagalaryna degişli gaýgy-hasrat barada pikir etmän, namart hökümetiň seni nä günlere salyp biljegi hakda pikir edýärler. Ýok, seni mümkin bolan howp-hatardan goramak üçin däl, özlerini aklamak, öz nalajadeýin pozisiýalaryny gaýtadan tassyklamak, özleriniň beýle töwekgellige baş urman akyl edýändiklerini ýene bir gezek görmek we dilde bolmasa-da içinden ’men diýmedimmi?’ diýmek üçin garaşýarlar. Onsoň olara häkimiýetiň seniň diýýän sözleriňden dogry many çykaryp, ýalňyşyň ýaryndan gaýtmagy ýa ogurlygy goýup, dogrulyga geçmegi däl, belki-de ýalňyşy çuňlaşdyrmagy, ogurlyk-talaňçylygy has-da köpeltmegi we üstesine has kän ýalan sözlemegi gerek."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024