Surat

Sebäp asyry

Sebäp asyryna gelmedik adam,
geleňsiz ýa başga sebäp,
goňşulary, dosty-ýary zerarly,
aýagyndan aslyşan,
ýa-da ýesirlikde galyp,
goly, aňy baglanan
“Altyn asyrda” ýaşar,
ýaşar Arzuw asyrynda,
hem işinden öýüne
aýlyk ýerne hyýal daşar,
bagtyýar bolup her gün,
her hepdede bolmanda,
eline bäş şaýy düşse,
ýa-da bitse bir möhümi,
başgalara müşgül bolan,
begener hem şükür eder,
gowy diýip pikir eder;
sebäp asyryna gelmedik adam,
geleňsiz ýa sebäpli,
özünden däl, özgelerden garaşar,
ýa garaşar döwletden
gyşda garyn bermejek,
ýa garaşar hudaýdan,
dileg edip biteriniň işine,
hem minnetdar bolar baky,
çörek degse dişine.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024