Durmuş sapagy
Durmuş ýowuz, aýagyňa kakar kän,
şarpyk çalar ýaňagyňa, ýeňsäňe,
käte ýykar gum-kirşene,
käte çölde suwsuz goýar,
daňyp umyt erşine.
Durmuş ýowuz, oýun däl hiç,
maýyp-müjrüp eder ol,
hemem ir-giç öldürer,
emmaki ölmejek bolsaň,
ýa saklanjak bolsaň uzak,
ýeňilmejek bolsaň asla,
çagaňa kine öwretme,
kineli dolanyp öýňe,
ýa-da gahar öwretme hiç,
öweretme hiç ýigrenmegi,
nirde niçik ezilseň-de,
gürrüňini berip pesiň,
oňa derek hünär öwret,
işiňi öwret çagaňa,
dişini ýuwmagy öwret,
nahar bişirmegi öwret,
ýa ýuwmagy eşiklerin,
soň owadan ütükläp,
şkapdan asyp goýmagy,
öwret çaga okamagy,
belki, agyr kitaplary,
erteki däl ýeňil-ýelpaý,
başdan aýagyna ýalan,
düşünmegi öwret oňa,
düşündirip däl diňe,
ýa-da takal okap soňsuz,
akyl berip akylly,
akmak bolup galsaň özüň,
çagaň senden geçmez öňe.
Durmuş ýowuz, aýagyňa kakar kän,
emma diňe ýykmaz ol,
sapak berer alyp bilseň,
her ýykanda galyp bilseň,
öwret çaga ýykylmagy, galmagy,
kine, gahar etmezligi hiç haçan,
emmaki sapak almagy.