Aşgabatda ylgaýan adam
Adam aýtdy:
"On sekiz ýyldan soň Aşgabada dolandym, köp zat üýtgäpdir. Hatda bir gün irden ylgap barýan oglany hem gördüm. ’Indi Aşgabatda-da irden ylgaýanlar bar’ diýip begendim. Emma birsellemden ýaňky oglanyň yzyna ýöräp gelýänini gördüm, onuň elinde iki bölek çörek bardy."