Surat

Aýdylmaýan hakykat

Aýdylmaýan hakykaty,
aýdylmagy müşgül bolan,
hemme bilýär meniňçe,
siňe seretseň gözüne,
emma bilmedik bolýar,
düşünmedik bolýar adam,
howply bolsa düşünmek,
ýa eýermek düşünenňe,
sada däl adamlar beýle,
görnüşi dek kesesinden,
sadasy bolsa-da çendan,
olar bilýär hakykaty,
ýüz prosent bolmasa-da,
saklansa-da ýedi gapyň,
ýedi gulpuň arkasynda,
hemem düşünýärler oýna,
düşünýärler düzgüne,
bilmedik bolýarlar bilmesizleri,
iýilse-de haky käte,
bütin ömri kem-kemden,
ömri yzdan gelýänleriň,
hatda bilinse-de kimiň iýýäni,
kim günäkär ölýänlere,
adam ýaly ýaşaman,
aýdylmaýan hakykaty
bilýär uly-kiçi diýmän,
ýok, sada däl olar beýle,
çynçy däl bilemok diýýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024