Gürlemek wagt ýitirmekmi?
Adam aýtdy:
"Bernard Şow (Shaw) hiç kime hiç zady gürrüň bermezligi öwrenseňiz, hemme zat gowy bolar diýipdir. Emma adama dil berlipdir, ol birlerine içindäkini aýtmasa-da oňup bilmeýär. Ýöne ýaradan dil berip, gapdaly bilen her kime öz ölçeg daşyny, öz akyl-niýet ýa päl terezisini hem beripdir. Onsoň, kim näme gürrüň bersin ýa aýtsyn, adam eşiden sözüni öz terezisinde, öz ölçeg daşyna görä ölçeýär we başga bir adamyň ýürekden ýa kiçi dilden bärde, ýa-da oýun edip aýdan sözüňe öz hakyky manysynda düşünmegine garaşmak manysyz bolup görünýär. Bu ýagdaýda, juda zerur bolmadyk ýagdaýynda bir zatlar aýtmak, gürrüň bermek, belki, hakykatdanam wagt ýitirmekdir. Bu diňe gürleýäniň däl, ony diňleýän we özüçe başga netije çykarýan adamyň ýa adamlaryň hem wagtyny ýitirýär."