Hemmämiziň bilýän zadymyz
Adam aýtdy:
"1997-nji ýylda ýanýoldaşymy Aşgabat aeroportynda, başga bir ýere uçmakçy bolanda ’jenaýatda’ tutdular, sumkasyndan harby maglumatly disket ’tapdylar’. Ýogsa onuň sumkasynda diňe çalşyrgyç eşikleri, ýolda okaryn diýip alan birki sany kitaby bardy, goşlaryny özüm salypdym... Her gün Milli howpsuzlyk ministrliginiň baş edarasyna baryp, jenaýat agtaryş bölüminiň başlygy Begmyrat Otuzow bilen gürleşmäge, adamymyň ýagdaýyny bilmäge çalyşýaryn. Emma ol her gezek Çärjew Sähetmyradow ýaly bir işgärini iberip, ’ertir gelsin, bu gün işim kän’ diýip, kabul etmekden boýun gaçyrýar. Bir gün ministrligiň gapysyndan girip, gapyda oturan nobatçynyň ýanyna ýönelenimem şoldy, ýokardan basgançak bilen aşak düşen Begmyrat Otuzowa pete-pet gabat geldim. Ol meni görüp, birhili boldy we gyssanjyna salam berip, çagalarymy sorady (Adamymyň ’jenaýat işini’ 1995-nji ýylyň 12-nji iýul demonstrasiýasy sebäpli hem derňänsoň, ol bizi tanaýardy!). Men çagalarymyň gowudygyny aýdyp, adamymy soradym. Ol ’deňrew gidýär, entek anyk zat aýdyp biljek däl’ diýip, öz ýoluna gitmekçi boldy. ’O nämäň derňewi, ol diski siz atdyňyz ahyryn! Başga biri şeýle zat etse, men size gelip ýüz tutmaly, bu işi siz edeňizsoň men kime ýüz tutaýyn?’ diýip, men näçe gün bäri kellämde göteren soragymy berdim. Ol iki elini birden ýokaryk galdyrdy-da: ’Senem bilýäň, menem, dogan!’ diýip, basgançak bilen yzyna, gelen ýerine tarap ylgady. Arada, ’Begmyrat Otuzow türmede ölüpdir’ diýenlerinde, onuň şol aýdan sözleri gulagymda ýaňlanyp giden ýaly boldy. Ata-babalarymyz ’It alnyna gelen gurt alnyna-da geler’ diýipdirler."