Surat

Netije

"Your silence will not protect you", Audre Lorde

Eger seni ümsümligiň gorasa,
alyp galsa aman-esen dymmagyň,
sesini çykaran çydap bilmän hiç,
ýa-da çala gürlän urulýan wagty,
begenme ir, içden heşelle kakma,
diýmedimmi diýme öňüňden çyksa,
ýa gynanan bolma kiçi diliňden,
ýeňsesinden gybat etme gürläniň,
ýatdy diýip dilden bagty,
sebäp uzak garaşdyrmaz netije,
hemem dymýan köp boldukça
agyr bolar geljek gije,
gara günler il başyna,
ýitip-ýitmän nähak taýagyň yzy,
ýa mazary solup-solman gürläniň,
demir iýer gürlemedik gürrüňsiz,
ýa olaryň ogul-gyzy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019