Surat

Milli aýratynlyk

Adam aýtdy:

"Biziň başgalardan tapawutly, ýagny diňe özümize mahsus, milli özboluşlygymyzy kesgitleýän sypatlarymyz bar. Mysal üçin, başgalar gurluşyk edende, gurluşygyň düşjek ýeriniň golaýynda gögerip oturan bag bar bolsa, onuň daşyny goraglap, bedenine ýara-beýleki düşmez ýaly çäre görýär. Emma biz baglary ýara düşmekden ýa zyýan ýetmekden goramakdan geçen, çapyp, pyçgylap, düýbi bilen goparyp zyňýarys. Bagyň ses-üýni ýok, näme etseň edibermeli, emma arza-şikaýatyna garaman, golaý-goltumda ýaşap oturan garyp adamlaryň jaýlaryny hem ýykýarys. Bu diňe biziň döwletimiziň gylygy diýseň, ýalňyşarsyň. Biziň oppozisiýamyz hem şeýle. Başgalarda oppozisiýa toparlary birleşmäg, güýç birikdirmäge çalyşýar, gepleşýär, biri-birine eglişik edýär. Emma bizde hökümete garşy durýanlar hökümetden ilki bir-birini çeýnemäge, guma-kirşene bulamaga çalyşýar. Sebäbi şeýtse, pellehana ýeke özi bararyn öýdýär.""

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024