Döwlet terrorynyň önümleri
Adam aýtdy:
"Yzda garrylarymyz ýolumyza göz dikip, aglap öldi; dogan-garyndaşlarymyz döwlet terrory astynda, ’haçan näme töhmet atarlarka?’ diýip, gorkup ýaşaýar. Ozal gazetde, tadio-telewideniýede ’dönük’ diýip sögerdiler, emma döwlet indi biraz ’akyllandy’, hakyna tutan garalawçylaryny başga ýerlerden küşgürýär. Şu aralykda ozal tirýek satan, adam satan, kürsi eýeläp azan adamlaryň birnäçesi azgyna we azgynçylyga garşy ’göreşiji’ boldy. Emma olaryň göreşi öz dar çäklerinde ýyrtylmakdan aňryk geçmedi. Onsoň, ’biz bilen bile ýyrtylanok’ diýip öýkeländirler-dä, olaram onda-munda bize şyltak atmaga başlady."