Gelen we barýan ýerimiz
Adam aýtdy:
"Diktaturadan, açlykdan, türmeden gutuljak bolsaňyz, ilki öýüňizde çagaňyzyň garnyny, gözüni doýruň, olar açgöz, bahyl, betniýet bolup ulalmasyn. Ogly-gyzy ýok, çaga kiçilikden ýokdan bar etmegi, unaş, mäş, gysgaça aýdylanda arpadan bugdaý çörek bişirmegi öwrediň. Kellesini ulanmagy, pikirlenmegi, özüni, öz kemçiligini görmegi we boýun almagy, iň esasysy hem ony düzetmegi öwrediň. Hünär öwrediň çaga, bolmanda bir işi başarsyn, iş başarýan adamyň özüne ynamy bolar, aňsat gul bolasy gelmez, elinden iş gelmeýän adam ilki mätäç, soň hemme zat boljak bolar. Beýle adam soň diňe özüne däl, tutuş oba, uly ile dert bolýar. Eger şeýtmesek, bu gidişimize ýene we ýene wezipe basgançagyna çykan, haku-nähak ýokaryk dyrmaşan açgöz, garny doýsa, gözi doýmaz, agzy ýetse, egin etini gemirjek adamlar bolar. Olar onsoň, ogry syrty gowşak, aýbyny ýaşyrmak üçin ýalan sözlär, zor bilen özüni öwdürer, bu öwginiň dowam etmegi üçin emeli açlyk döreder, işleriňizi ýapar, ýoluňyzy baglar, güýç gulluklaryny üstüňize küşgürip, peşeden pil ýasar, türme möhletini ulaldar. Bu zatlary aýdyp oturmak gerek däl, nireden gelip, nirä barýanymyzy özüňiz gowy bilýärsiňiz."