Esasy garaşylýan zat
Adam aýtdy:
"Sowetistanyň çagşap, ýykyljagyny açyk aýdyp başlan ýyllarydy. Dynç güni gazetde bile işleýän kärdeşim öňümden çykdy: ’Ýaňy köçede Muhammetnazar Gapurowy gördüm, eli setkeli iki çüýşe kefir alyp gelýän eken.’ Ol şeý diýip, öz gürrüňine hezil edinip güldi. Men sypaýyçylyk üçin ýylgyran boldum, emma onuň özünden toslap edýän gürrüňinde, göz öňüne getirýän kartinasynda gülkünç zat görmedim. Üstesine, şol gün irden ylgamaga çykamda, azyk dükanynyň öňünde nobata duran rus dilli pensionerleriň magazin açylmanka, nobat üstünde dawalaşyp, mata sumkalaryndaky kefir çüýşeleri bilen bir-biriniň depesine berişlerini görüpdim. Bu iki ahwalat hiç ýadymdan çykanok. Göwnüme bolmasa, adamlar köplenç ol ýa-da beýleki meseläniň düýbüne düşünjek bolman, başga birleriniň ýykylyp, has erbet güne düşerine garaşyp ýaşaýan ýaly."