Surat

Açgözlügiň gözbaşy

Adam aýtdy:

"Aýalym bilen ýurduň o çetine, goşunda gullyk edýän oglumyzyň yzyndan gitdik. Ene-dä, ’oglum gowy görýär’ diýip, tamdyrda bişirilen etli, gökli gutapdan, gaz pejinde bişirilen gyzzyrma gutapdan ýüküni tutdy. Ilki uluja oglum maşynly wokzala taşlady. Baran ýerimizde bolsa bir tanyş oglan maşynly garşylap, oglumyň gulluk edýän ýerine eltdi. Ýogsa onça goş bilen baryp boljak däl. Oglum begendi, elbetde. Mazaly çekilipdir, goşunda gullyk etmek ejeň saçagynyň başyndan örmek däl. Emma esgerlikde yzyňdan gelen zady ýeke özüň iýip bolmaýar, eltiň gullukdaşlaryň öňünde goýmaly, bile iýmeli. Oglum ilki iki sumka gutap-somsany äkitdi-de, birsellemden ýylgyryp geldi: ’Käbiri gapdalyndakylardan gysganyp, iki gutaby dolap alyp, bir gutap eden bolup basýar-aý, daşlaryndan utandym. - Gyssanman iýiberiň, ejem üç tamdyr gutap getiripdir - diýdim, emma eşidýän ýok.’ Ejesi gözüne ýaş aýlap: ’Wah, açdyr neresseler, ejeleriniň saçagy barmy bärde’ diýdi. Meniň dilime başgarak sözler geldi: ’Komandiri bardyr olaryň! Üstesine, bu halkyň ýaryna golaýynyň çagasy öýünde-de aç ahyryn...’ Emma bu sözleri diýmän saklandym. Oglum ýene iki sumka gutap-somsa alyp, gullukdaşlarynyň ýanyna ylgady."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024