Surat

Başga dilde ýazmagyň netijesi

Adam aýtdy:

"Garaşsyzlygyň başynda ’türkmençe ýazma, näme ýazanyň peýdasy ýok, türkmeniň o gulagyndan girip, bu gulagyndan çykar ýa-da hiç gulagyndanam girmez, ýa-da gülerler’ diýerdiler. Emma haksyzlyk, eden-etdilik we ogurlyk barada rus, iňlis dillerinde ýazmak has-da peýdasyz, belki-de zyýanly bolup çykdy. Sebäbi ýagdaýymyzy bilip, ’bu ýerde suw has bulanyk eken, balyk tutmak has aňsat bolar’ diýip, bütin dünýä ogrulary üstümize çozdy, öz ogrularymyz bilen birleşip, ýurdumyzy, halkymyzy talady we talaýar... Biz bolsa özümizi aldap, dünýäniň açgözlük, korrupsiýa problemasynyň biziňkiden has uludygyny görmezlige salyp, ýa muňa ynanyp bilmän, şindem daşardan kömege garaşýarys."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024