Surat

Taýagyň beýleki ujy

Adam aýtdy:

"Prezident, wise-premýer, ministr, howpsuzlyk ofiseri, sud-prokuror, žurnalist bolan bolup töhmet atýarkalar, türmä basýarkalar, soň eneň-ataňy agladyp, ýurtdan gaçmaga mejbur bolýarkaň, ýat illerde her agşam başyňy ýassyga goýanyňda we irden gözüňi açanyňda, özüňe kast edip, ýurt çapan, il talan adamlary gahar ýa kine bilen ýatlaman bilmeýärsiň. Soň seredip otursaň, olar diňe saňa däl, özlerine-de, öz çagalaryna-da rehimsiz eken. Sebäbi olar saňa kast edenlerinde özlerine hem näletli we ejirli ölüm, türme, sürgünlik... taýýarlaýan ekenler. Megerem taýagyň iki ujy bar diýýänleri şudur. Muňa soň düşünýärsiň. Emma munuň bilen ne köýen ýyllar, ne-de ýitiren adamlaryň yzyna gelýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024