Ýeseriň eden işi
Adam aýtdy:
"Öňki ýeseriň bir döwürde köp gaýtalan sözleri käte şindi-şindem gulagymda ýaňlanýar. Ol ’gurjak ýalyjak ýurdumyz bar’ diýen bolardy. Birinden eşidendir-dä, öz tapan sözi-hä bolmaly däl. Iň ýamany, ol şo ’gurjagyň’ üstünde oturyp, meýdan edip giden eken, henizem hapasynyň aşagyndan çykyp bilemzok, çykarmykak bir?"