Netijesiz göreş
Adam aýtdy:
"Ozal olaryň ýagşy-ýaman öz atlary bardy, ene-atalary bir ady az görüp, goşa at dakýardy. Emma adyň yzynda durmaly döwür geldi. Görseler, atlary kim bolsa bolsun, adyňa eýe çykmak, adyň bilen orta çykmak aňsat iş däl eken. Onsoň olar esasan ’atsyz’ ýa ’anonim’ bolmagy saýlap aldylar. Sebäbi bu jogapkärçilikden boşadýardy. Ýalan-ýaşryk atlara, öňüni-yzyny tapyp bolmajak lakamlara duwlanyp, adalatsyzlygyň garşysyna gaýduwsyz göreşe çykanlar-da boldy. Ýöne bu göreş, näme üçindir, garaşylýan netijeleri bermeýär."