Ýazýan adamyň öji
Adam aýtdy:
"Ýazýan adamlaram dereje-derejedir: ýokary, orta ýa pes, pesiň pesi diýen ýaly. Ýöne maslahatymy alsaň, ýokary derejeli bolup görünýän ýazýana-da kän hakyky pikiriňi aýtma, kompliment bilen çäklen ýa-da dym. Eger ýazýan adamyň kemçiligini görkezseň, ol akylly bolsa, seniň diýýän zadyň anygyna ýetjek bolar, özüniňkini gorar ýa seniňkini kabul eder, sag bol aýdar. Emma ýazýan adam hemişe akylly bolmaýar. Olaryň arasynda şöhratparaz, açgöz, bahyl adamlar-da ýeterlik. Bu hili adamlara bilmezlikde goýberen harp ýalňyşyny hem aýdyjy, görkeziji bolma. Sebäbi olar şol harp ýalňyşyny düzetmäge derek senden öç almagyň pikirini eder; diňe seniň harp ýalňyşyňy aýdyp, düzetdirip öç alsa gowy, ýok ýeriňden ýalňyş gözlär, mamla ýeriňde bimamla, abraýly ýeriňde biabraý etjek bolar. Iň esasysy bolsa, ýazýan adamyň derejesi näçe pes bolsa, onuň öýke-kinesi, gahary, öç almak islegi-de şonça uly bolar. Şu sebäpden ol kemçiligini görkezenden öç almaga özüni tijemekden, kämilleşmekden has kän wagtyny sarp eder. Elbetde, bu ýazýan adamyň betbagtlygy. Emma sen haýsy bir betbagta wagt ýitirip, soň özüňi zäherletjek? Gowusy, goý, ol senden daşrak dursun!"