Ýalňyşlyk
Adam aýtdy:
Meret Öwelekow diýip birini tanaýaryn, ýörgünli ady Meret murt, bizden birki ýyl öň filologiýany gutardy, emma biznesiň gözüne düşünýän oglan eken. ’Dagyň daşyna daňsaňam, hor boljak däl’ diýilýänlerden. 1994-95-iň açlygynda öz obasyna, Duruna-beýlekä öz hasabyna kömek etdi. Emma ýalňyşyp, birki sany obadaşyna ’men elimden gelenini ederin, ýöne sizem arasynda öz hak-heşdegiňizi talap edäýiň’ diýipdir. Ýaňky çörekden garnyny doýran, açlykdan çykaran adamlary onuň üstünden "bizi hökümete garşy küşgürýär’ diýip, arza ýazdylar."