Kommunist gapany
Adam aýtdy:
“Bu gapan ýüz ýaşady, entekler döwüljege hem meňzänok. Sebäbi ýaglap, gowy ulanýarlar. Gerekli gapan diýýärler. Ol çölde wagşy haýwanlara däl, oba-şäherlerde adamlara, adam aňyna gurlan gapan. Kommunistler bu gapany ilki ýeri daýhanlara, zawod-fabrikleri işçilere berjek diýip, wagtlaýyn ulanmak üçin ýasadylar. Emma soň ýersiz, mal-mülksüz, emläksiz adamlaryň nähili erksiz, nähili tabyn we garaşly bolýandygyny, olaryň gara garnyny doýurmakdan, aç ölmezlikden başga zadyň pikirini edip bilmeýändiklerini görüp, ony hemişelik ulanmak kararyna geldiler. Şu sebäpdenem hiç wagt diýenlerini etmediler, ýer-suw, zawod-fabrik, deňlik we adalat barada beren wadalaryny ýerine ýetirmediler. Adamlary mümkin boldugyça aç sakladylar, zawod-fabrik däl, dükanjyk açsa-da ýapdylar. Bu ýagdaý uly-kiçi diýmän hemmäni ogurlyga, ýalançylyga mejbur edýärdi. Olar muny görüp, begenmek begendiler. Sebäbi ogurlyk eden, ýalan sözlän aýyply bolýardy, başgalaryň ogurlygy, ýalany hakynda dil ýaryp bilmeýärdi. Şeýdip, tas hemme adam ogry, ýalançy boldy. Dogry, käbir işlerde işlän adamlar has köp ogurlyk etdiler, sebäbi olaryň eliniň aşagynda ogurlar ýaly zat köp boldy. Onsoň olaryň işleýän ýerlerine il içinde ’düşewüntli iş’ ýa-da ’rysgally ýer’ diýip başladylar. Elbetde, düşewüntli işe geçmek üçin para bermelidi. Şeýdip, kim kän para berse, şol hem düşewüntli işlerde işledi. Adalat, kanun diýilýän şol düşewüntli işlerde işleýänleriň tarapyndady. Kim bu adalata garşy çyksa ýa dil ýetirjek bolsa, ilki işsiz galýardy, soň türmä ýa dälihana düşýärdi. Bu ýagdaýy bilmän galan bolmady, emma hemmeler bilmedik, görmedik boldular. Sebäbi şonda wyždan azaby azrak bolýardy. Bu gapana kommunist gapany diýýärler. Ilkiler oňa adamlar bolşewikleriň gyrgynçylygyndan gorkup düşdüler, soňra gapansyz, ogurlyk etmän, ýalan sözlemän ýaşap boljagyna ynanman başladylar."