Ogry hormaty
Adam aýtdy:
"Daýym bardy, uzak ýyllar kerpiç zawodynyň direktory boldy, baýady. ’Diňe elin bakylyp öldürilen malyň etini, täze bişirilen tamdyr çöregini iýýän, magazin etinem, çöreginem iýemok’ diýip öwnerdi. Aşa semredi. Ahyram şol semizligi başyna ýetdi. ’Öldi’ habary gelende, ’kerpiç satyp, ili köp aldady, adamlar jaýlamaga gelmezler’ diýip, gyssanmaç ýola düşdüm. Emma ýalňyşan ekenim, barsam - öýüniň daşy adamdan doly eken. O mahal, sowet döwri bolansoň, jynaza durýan az bolardy. Emma daýymyň jynazasyna duran hem köp boldy. Biz ýaly ýaş, ýaňy başlan mollalara jynaza durmaga ýer hem ýetmedi. Şonda düşündim: adamlar özlerini talap gurplanan hem bolsa, baýy garypdan gowy görýärler, hatda ony ölende-de pukara, dogruçyl adamlardan beter sylaýarlar."