Elibiň orny

Adam aýtdy:

"Mekdep partasyndan ýadymda galypdyr. Edebiýat mugallymymyzyň Keminäni geçende, ’Şerigaty bilseň dogry, Aýtmasaň bolduň ogry. Kazy egri, müfti egri, Elip ornunda dal gezer’ diýip getirýän mysaly kyrk ýyldan soňam gulagyma gelip duran ýaly. O wagtlar muňa adaty bir goşgy setiri ýa jany ýanan adamyň aýdaýan sözi hökmünde garap, çala ýylgyrardym. Emma indi Keminäniň bu hakykata nähili gelenine, gijem bolsa, düşünjek bolýaryn. Ýöne Keminäniň bu ajy hakykaty öz döwründe, dabanyndan soýlan Nesimini bilse-de, nädip beýle gönüläp aýdyp bilşine düşünip bilemok. Geň ýeri, Kemineden bäri ne kazylar üýtgäpdir, ne molla-müftiler, elibiň ornunda dal ömürlik gezýär we ölenden soň ol orna ogluny ýa gyzyny galdyrýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024