Biziň mekdebimiz ýa-da 'erkek' gürrüňi

Adam aýtdy:

"Uniwersiteti gyzyl diploma gutaryp, mekdebe ilki işe baran ýylymdy. ’Sagat ýok’ diýip, ýarty topary berdiler. Günaşadan gelip okatmalydym, günde sagat ýokdy. Bir gün mekdep direktory öňümden çykyp, ýagdaýymy sorady. ’Kwartirant ýaşaýan bolsaň, bujagaz aýlygyň hiç zada ýetmez’ diýdi. Men ’bilýän’ diýdim. Direktor sözüni dowam etdi: ’Aýalam bolsak, erkek gürrüňini edeli, türkmen dilinden sagat bar, eger men hakynda edilýän gürrüňleri getirseň, ertirden alyp bilersiň.’ Ol meniň ýüzüme çiňerilip, bile işleýän mugallymlarymyň bäş-alty sanysynyň adyny aýtdy. ’Şular men hakynda näme diýse, maňa aýdyp bilermiň?’ Direktor düzüw aýal däldi, onuň eden-etdilikleri hakynda edilmeýän gürrüň ýokdy. Ýöne şol gürrüňleri edýänleriň köpüsi onuň ’öz adamlarydy’, olar soň başgalaryň gepini direktora eltip berýärdiler we onuň beýleki hyzmatlaryny edýärdiler. Direktoryň betnebisliginden iň kän zeýrenýän hem şolardy. Men başymy ýaýkadym: ’Ýok, men adam satyp, sagat alyp biljek däl.’ ’Onda saňa sagat ýok, şol ýarty toparyňy okadyber.’ Direktor gülümsiräp, öz ýoluna gitdi. Men soň başga mekdebe geçdim. Bu 1980-nji ýyllaryň başynda, Aşgabatda bolupdy. Ondan bäri, gör, näçe mugallym hem çaga okadyp, hem adam satyp, çaga eklemeli bolandyr?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024