Azgynçylyk haçan başlandy?
Adam aýtdy:
"Bizdäki başlyk azgynçylygy uruş ýyllarynda, erkekleri çolaran obalarda azan başlyklardan başlandy, uruşdan öňki bolşewik gyrgynçylyklaryndan soň hem beýle zat ýokdy diýýärler. Emma men uruş ýyllaryny bilemok, biraz soň doguldym. Ýöne Halaç raýonynyň "Kommunizm" kolhozynyň başlygy, Sosialistik zähmetiň gahrymany Jumaguly Mähremow hakynda il içinde edilýän gürrüňleri, anyk bilinýän zatlary kän eşitdim. Onuň kolhozy ýylda döwlet harmanyna 10 müň tonna pagta hasylyny tabşyrýardy, bu şol wagt tas bir raýonyň pagta planydy. Başlyk bilen kejeleşen, oňa gaýtargy beren adamlar birden ýitirim bolardy. Ol adamlaryň jesedi soň, 20-30 gün geçensoň, Türkmenistandan Urala, nebit işläp bejerýän kärhana baran nebitli çelekleriň içinden çykardy. Gazan diýip bir ýuristiň ekiz ogluny suwa gark edip, soň olaryň jesetlerini Halaçdan Çärjewe getirip, demirýol stansiýasynda duran çig nebitli boçka atypdyrlar. O bendeler hem Uraldan çykypdyr... Baýramalyly başlyk Gaýyp Öküzow bolsa, elindäki sapançasyny galgadyp, ’şuň bilen bäş aýaly, ýedi erkegi atmaga hakym bar’ diýerdi. Bir bulujy aýagyndan atypdyr. O bendäniň arz etmedik ýeri galmandyr. Emma arzyny diňlän bolmandyr. Ahyry Gaýyp Öküz sud edilende, şol bulujy çagyryp, ’Şu seni atdymy?’ diýip sorapdyrlar. Ol ’hawa, atdy’ diýip jogap beripdir. ’Onda üstünden arz et’ diýipdirler. Buluç: ’Ýok, ozal kän arz etdim, emma diňlän bolmady, indi arz etjek däl’ diýipdir. Gaýyp Öküziň gyzy gören bilen vatyp, oba bellentgi boldy. Bir gün, içip otyrkalar, obadaşlarynyň biri muny Gaýyp Öküziň inisi Nunnanyň ýüzüne basypdyr. Nunna ol adama ’bes et, ýogsa Gaýypdan galan sapança bilen belliňi ederin’ diýipdir. Emma obadaşy onuň beýle iş edip biljegine ynanmazlyk edipdir. Onsoň Nunna ol adam bilen tirkeşip gelip, öýündäki sapançany alyp gidipdir. Nunnanyň aýaly ogluna ’ýet, kakaň sapançany alyp gitdi, niýeti düzüw däl’ diýipdir. Ogly olaryň yzyndan ylgapdyr. Emma barsa, kakasy obadaşyny-da, özüni-de atyp öldüren eken..."