Adam bilen adamyň parhy
Adam aýtdy:
"Beýik Magtymguly “Adam bar, müň tümen iýdirseň azdyr, bardyr adam, iýen nanyna degmez” diýipdir. Oglankam bir ýaşuly adam bilen adamyň parhyny has ýönekeý düşündirdi: “Birleri uçar ýasap, asmanda aşyr atyp uçýar, başga birleri ol uçara münmekden geçen, hatda seretmäge gorkup gözlerini ýumýar”. Ýaňy-ýakynda başga bir türkmen adam bilen adamyň parhyny şeýle düşündirdi: “Bir student syýasy yzarlanmalar zerarly Siriýadan gaçyp, Amerikada gizlenýär. Şol ýerde-de ýerli gyza aşyk bolýar, iki jübüdiň yşkyndan perzent döreýär. Ýöne ol perzende heniz enesiniň ýatgysyndaka ölüm howpy abanýar, emma söýen ýigidine durmuşa çykmaga rugsat berilmedik zenan dogmadyk çagasyny goraýar. Soň ol çaga, adam faktory – öz babasy we mamasy zerarly, öz enesiniň däl, eneligiň elinde ulalýar, okaýar, adamzada kompýuter diýen jadyly açary berýär. Soň internet, sosial media döreýär, adamlaryň pikir aýtmak mümkinçiligi köpelýär. Başga bir student bolsa, şol kompýuteriň belentliginden dünýä yşyklap, adyny üýtegdip, öz derejesini görkezýär, kimdir birlerine sögüp, “ejeň a...” diýip ýazýar."