Kimden näme öwrenmeli?
Adam aýtdy:
“Bir maşgalany tanaýaryn: är-aýal-da, olaryň gelni-de oba mekdebinde çaga okadýar. Maşgalada bir näsaglyk bolsa, barysy doktordan öň derhal tebip, bilgiç ýa palçy gözleýär. Has anygy, olar etrapda bir täze tebip, bilgiç ýa palçy dörese, ilki baryp müşderi bolýanlardan. Soňky otuz ýylda bolsa, gör, näçe adam palçy ýa bilgiç bolup, jaý salyndy, maşyn edindi. Bizde bu iki arzuw – jaýly we maşynly bolmak şindem juda kyn we barha kynlaşýar. Adamlar bu arzuwa ýetmek üçin para berip, para alynýan ýerlere işe geçýärler, hökümet howandarlygyndaky orgurlyk, talaňçylyk, ýalançylyk marafonyna goşulýarlar we hatda iň agyr jenaýatlara baş goşup, türmä, ölüme gitmek töwekgelligine taýýar bolýarlar. Bilgije, palça ynanýanlar adatça sowatsyz ýa garyp, has aşaky gatlagyň agzalary bolýar. Olar hatda dini biznes edinen mollalardan hem aşakda görülýär. Sebäbi mollalar köplenç ne molla, ne bilgije, ne-de hudaýa ynanýar. Palça ýa bilgije gatnaýan gatlaga mekdep mugallymlarynyň hem girmegini geňräk görýärdim. Arada uniwersitetde işlän, daşary ýurt dilinden sapak beren professora duşdum. Prokuraturada işleýän adamsy neşekeş bolupdyr. ‘Äkitmedik tebibim, ýüz tutmadyk bilgijim ýa palçym galmady’ diýip zeýrenýär. ’Şeýle derejelere ýetip, sizem palça, bilgije ynanýarsyňyzmy?’ diýsem, ’Näme ynanman, prezident, wise-premýerler, ministrler, häkimler hem ynanýar’ diýýär. Eýsem, şeýle adamlardan näme öwrenmeli?”