Surat

Nesihatçy

Ozalky mugallym aýtdy:

"Soňky ýyllarda türkmençe zat okamandym. Internetde tötänden gabat geldi-de, bir şahyryň goşgusyny okadym, "köpeliň" diýip pendi-nesihat edýär. Mekdepde bile işlän kärdeşim göz öňüme geldi. ’Ýene bir gezejik gol çekdirsem, şahyryň okuwa gelemeýän oglunyň jogapkärçiliginden gutulýan. Öýüne barsam, aýaly ’menem tapamok şolary, kakasy bilen beýleki jaýymyzda bolýan bolmasa’ diýip, başga adres berýär. ’Kakasyna duýdur, meni diňlänok’ diýýär pahyr. Ol diýilýän adresde hem ne kaka tapylýar, ne ogul. Öýüne köwlenmedimikä diýip, ýene aýalynyň üstüne barýaryn. ’Ol şahyr, dostlary bilen içen ýerinde ýatýar, bärik gelenok’ diýýär. Ýene bir gezek duýduryp, gol çekdirip bilsem, ýogsa onuň ogluna sapak wagty mekdepden daşarda entäp ýören ýerinde bir zat bolsa, meni günäkär ederler. Soň diňe bir ’abraýly’ adamyň ogly galýar.’ Şeýle ata-da başgalara köpelmegi nesihat edýär, haýran galdym!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024