Taşlanan goşgy
Başga biri geler diýip,
alar diýip garaşsaň
ezijiniň elinden,
gelmezligi mümkin kimsäň,
sebäbi sen çagyrmasaň,
gygyrmasaň ýetdiginden sesiňiň,
näbilsin adam,
ýa gygyrsaň, işi bolsa başgalaň,
seniň ykbalyňdan has möhüm, wajyp,
ýa oturan bolsa ýadap,
sen ony günäläp bilmersiň, çünki,
bergisi ýok onuň saňa,
başga biri geler diýip garaşsaň,
gelmezligi mümkin kimsäň,
çykmazlygyň ahmal daňa...