Paýlaşmak kynçylygy
Adam aýtdy:
"Aýalym her gyş, gar ýaganda, ’guşlar horlanmasyn’ diýip, daş işige, gar düşmeýän ýere iým sepýär. Ilki bir guş gelýär, iým çokup, doýup gidýär, soň ikinjisi, üçünjisi gelýär. Ýöne käbiri özi doýsa-da gitmeýär, gyra çekilip, iým sepilen ýeri uzak wagtlap garawullap oturýar. Başga guşlar gelse, olary kowýar. Ýöne diňe garawul bolup oturmak hem kyn bolarly. Ol arasynda uçýar, agajyň şahasyna gonýar. Şol wagtam kiçiräk guşlar sap atp gelýär-de, iým çokmaga başlaýar. Garawul guş şahadan gazap bilen aşak inýär we iým çokan guşy haýatdan aşýança kowalaýar. Aýalym bir gün ony synlap oturdy-da, ’Guşlaram adamlar ýaly eken, başga biriniň mugt beren zadynam paýlaşmagy başaranoklar’ diýdi."